Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini dolandyrmagyň, peýdalanmagyň we peýdalanylyşyna gözegçilik etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) elektromagnit utgaşmasy — radioelektron serişdeleriniň tötänleýin elektromagnit päsgelçilikleriň olara täsir eden halatynda, şol bir wagtda talap edilýän hilde ulanmaklygyň hakyky şertlerinde hereket etmek we beýleki radioelektron serişdelerine ýol berilmeýän elektromagnit päsgelçilikleri döretmezlik ukyby;
2) industrial radiopäsgelçilikleri — maglumaty bermek üçin niýetlenilmedik tehniki serişdeleriň radioýygylyk spektriniň diapazonynda döredýän elektromagnit şöhlelenmeleri;
3) radioelektron serişdeleri — iberiji we (ýa-da) kabul ediji gurluşlaryň birinden ýa-da birnäçesinden ýa-da şeýle gurluşlaryň utgaşmasyndan ybarat bolan we kömekçi enjamy öz içine alýan, radiotolkunlary ibermek we (ýa-da) kabul etmek üçin niýetlenilen tehniki serişdeler;
4) radiopäsgelçilikler — elektromagnit energiýasynyň bir ýa-da birnäçe şöhlelenmeleriň esasynda dörän, maglumatyň hiliniň peselmeginde, ýalňyş bolmagynda ýa-da ýitmeginde ýüze çykýan, radioaragatnaşyk ulgamynda kabul edişe täsiri;
5) radioýygylyk — elektromagnit yrgyldylarynyň radioýygylyk spektriniň ýeke-täk düzümini aňlatmak üçin bellenilýän ýygylygy;
6) radioýygylyk spektri — radioýygylyklaryň Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesi tarapyndan bellenen çäklerdäki radioelektron serişdeleriniň ýa-da ýokary ýygylykly enjamlaryň işlemegi üçin peýdalanylyp bilinjek jemi. Radioýygylyk spektri Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň milli serişdesi bolup durýar;
7) radioýygylyk spektriniň monitoringi (radiomonitoring) — radioýygylyk spektriniň ýagdaýyna gözegçilik etmek, onuň peýdalanylyşyna baha bermek üçin niýetlenilen guramaçylyk-tehniki çäreleriň toplumy;
8) ýokary ýygylykly enjamlar (gurluşlar) — senagat, ylmy, saglygy goraýyş, durmuş ýa-da beýleki maksatlarda radioýygylyk energiýasyny öndürmek we peýdalanmak üçin niýetlenen enjamlar ýa-da abzallar.
2-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar bolup durýan fiziki we ýuridik şahslara degişlidir. Daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlara şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryna degişli bolşy ýaly şertlerde we tertipde degişlidir, olaryň işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmagy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen çäklendirmeler muňa degişli däldir.
2. Şu Kanunyň düzgünleri aragatnaşyk babatda işe ygtyýarnama bermegiň, aragatnaşyk serişdelerini we hyzmatlaryny güwälendirmegiň, radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçirmegiň umumy kadalaryny kesgitleýän, şeýle hem elektrik aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň we aragatnaşyk hyzmatlarynyň milli operatorlarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bilelikde ulanylýar.
3-nji madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanyjy
Eýeçiliginde, peýdalanmagynda ýa-da ygtyýarynda radioelektron serişdeleri we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlar, şeýle hem olary saklamaga, ulanmaga degişli rugsady bolan fiziki we ýuridik şahs Türkmenistanda radioýygylyk spektrini peýdalanyjy diýlip ykrar edilýär.
4-nji madda. Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasy
1. Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasy radioaragatnaşygy guramak, önümçilik, ylmy, saglygy goraýyş we gaýry maksatlarda radioýygylyklary (radioýygylyklar zolagyny) peýdalanmak üçin radioýygylyk spektriniň paýlanylmagyny belleýär.
2. Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan tassyklanylýar.
5-nji madda. Berkidilen radioýygylyklar hakynda maglumat
Berkidilen radioýygylyklar (radioýygylyklaryň zolaklary) barada maglumat Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan ýöredilýän Radioýygylyklaryň ýeke-täk registrine girizilýär.
6-njy madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylandygy üçin töleg
1. Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrinden peýdalanmak töleglidir. Radioýygylyk spektrinden peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylandygy üçin tölegden gelip gowşan serişdeleri ulanmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar döwlet zerurlyklaryny üpjün edýän aýry-aýry peýdalanyjylary radioýygylyk spektriniň peýdalanylandygy üçin tölegden boşatmak hakynda çözgüt kabul etmäge haklydyr.
II BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINIŇ PEÝDALANYLYŞYNY DÖWLET TARAPYNDAN DOLANDYRMAK
7-nji madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň maksatlary we wezipeleri
1. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň maksatlary şulardan ybaratdyr:
1) milli bähbitlerde radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
2) radioýygylyk spektriniň halkara hyzmatdaşlygyň çygrynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesiniň radioaragatnaşyk Reglamentine laýyklykda peýdalanylmagyny üpjün etmek;
3) radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda döwletiň bähbitlerine wekilçilik etmek we goramak.
2. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmak arkaly aşakdaky wezipeleriň çözülmegi üpjün edilýär:
1) radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy;
2) radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasynyň esasynda radioýygylyklaryň (radioýygylyklar zolaklarynyň) tertipleşdirilip paýlanylmagy;
3) radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyny çözmek we bellige almak meseleleriniň düzgünleşdirilmegi;
4) radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda ölçegleriň we kadalaryň bellenilmegi;
5) radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik edilmegi.
8-nji madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny dolandyrmak
1. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny milli derejede döwlet tarapyndan dolandyrmak, radioýygylyk spektrini peýdalanmak meselelerini halkara hyzmatdaşlyk çygrynda utgaşdyrmak Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara toparyň Düzgünnamasy we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara toparyň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektriniň kesgitlenen diapazonynyň peýdalanylyşyny dolandyrmak hukugy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy bilen baglaşylan şertnama esasynda 5 ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen fiziki ýa-da ýuridik şahsa berlip bilner.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDE RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINIŇ PEÝDALANYLYŞY
9-njy madda. Radioýygylyklary berkitmek
1. Radioýygylyklary (radioýygylyklar zolaklaryny) berkitmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topardan radioýygylyk spektriniň kesgitlenen diapazonynyň peýdalanylyşyny dolandyrmak hukugyna rugsady alan fiziki ýa-da ýuridik şahslar radioýygylyklary şu diapazonyň çäklerinde beýleki peýdalanyjylara paýlamaga haklydyr, şunda bu hakda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugyna habar berilmelidir.
Peýdalanyjylaryň arasynda radioýygylyklaryň paýlanylyşy hakynda maglumatlaryň berilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
3. Radioýygylyklary (radioýygylyk zolaklaryny) berkitmek ýüztutmalaryň esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar radioýygylyklary (radioýygylyk zolaklaryny) peýdalanyjyny bäsleşik esasynda kesgitlemäge haklydyr.
Berkidilen radioýygylyklary peýdalanmak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy bilen radioýygylyk spektrini peýdalanmak hakynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.
4. Ýuridik şahslar berkidilen radioýygylyklary peýdalanmak hukugynyň öz garamagyndaky edara-kärhanalara berilmegini we (ýa-da) olar bilen bilelikde peýdalanylmagyny Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy bilen hökmany ylalaşmalydyrlar.
5. Radioýygylyk spektriniň eýeçilige ýa-da möhletsiz peýdalanylmaga berilmegine ýa-da berkidilmegine ýol berilmeýär.
6. Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasyndaky üýtgetmeler ýa-da Türkmenistan tarapyndan degişli halkara borçnamalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly radioýygylyklary peýdalanmak şertnamasynyň şertleri üýtgedilip bilner.
10-njy madda. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamak, işläp taýýarlamak, öndürmek, gurnamak (oturtmak), edinmek, ulanmak hem-de olary daşary ýurtlardan getirmek
1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Türkmenistanyň çäginde hasaba alynmaga degişli edilmeýän radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan bellenilýär.
11-nji madda. Radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlara bolan talaplar
1. Radioelektron serişdelerinde we ýokary ýygylykly enjamlarda radioýygylyklary peýdalanmak bilen, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar bilen ylalaşylandan soň amala aşyrylýar.
2. Radiopäsgelçilikleriň mümkin bolan çeşmeleri hökmünde görülýän, işlenip taýýarlanylýan, taslamalanylýan, öndürilýän we ulanylýan tehniki serişdeleriň (elektroulag, elektrik geçiriji liniýalar, elektrik abzallary, awtoulag serişdeleri we başgalar) tehniki häsiýetnamalary industrial radiopäsgelçilikleriň ýol berilýän derejesinden ýokary geçmeli däldir.
3. Radioşöhlelenmäniň kadalary, radiopäsgelçilikleriň ýol berilýän derejeleri, tehniki serişdeleriň bu kadalara laýyklygyna synagdan geçirilmeginiň tertibi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy bilen bilelikde bellenilýär.
4. Radioaragatnaşygyň hilini üpjün etmek, şeýle hem radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň döredýän päsgelçilikleriniň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy Türkmenistanda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň Türkmenistanda hereket edýän radioşöhlelenmäniň kadalaryna laýyklygyna gözegçiligi amala aşyrýar.
12-nji madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan ulgamlara bolan talaplar
1. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan ulgamlar Türkmenistanyň çäginde hereket edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary bilen özara utgaşyklykda gurnalmalydyr.
2. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagyny üpjün edýän aragatnaşyk ulgamlarynyň Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy bilen baglanyşyklylygy hereket ediş durnuklylygyny, habar howpsuzlygyny, umumy merkezleşdirilen dolandyryşy we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen özara hereketi üpjün etmek boýunça kadalar we talaplar ýerine ýetirilen mahalynda amala aşyrylmalydyr.
3. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan ulgamlar üçin enjamy ibermek görkezilen ulgamlaryň umumyulgam we obýekt boýunça maksatnama-algoritm üpjünçiligine we ony hyzmat taýdan goldamaga degişli resminamalaryň doly möçberde berilmegi bilen amala aşyrylmalydyr.
13-nji madda. Habar howpsuzlygyny üpjün etmek
Radioýygylyk spektri peýdalanylanda habar howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler görülmelidir, şol sanda:
1) maglumatlar gorlaryna we berilýän habara rugsatsyz aralaşylmagyny, aragatnaşyk ulgamlarynyň gözegçiliksiz peýdalanylmagyny we işiniň bökdelmegini, şeýle hem şahsyýete, jemgyýete we döwlete zyýan ýetirmek maksady bilen peýdalanylmagyny aradan aýyrýan;
2) habaryň (maglumatlaryň) berlişiniň dowamynda onuň ýaşyrynlygyny we bitewüligini üpjün edýän;
3) rugsat berilmedik ýa-da öňünden niýet edilmedik gatyşmak synanyşyklary mahalynda aragatnaşygyň hereket etmek düzgüniniň üýtgewsizligini üpjün edýän.
14-nji madda. Radioaragatnaşygyň ýaşyrynlygy
1. Başga salga niýetlenilen radiohabar kabul edilen mahalynda ony bellemek, açmak, onuň mazmunyny we bardygyny ýaýratmak ýa-da onuň mazmunyny ýerine ýetirmek gadagandyr, dessin-agtaryş çärelerini we derňew hereketlerini geçirmegiň tertibini kadalaşdyrýan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
2. Radioaragatnaşyk kanallary boýunça döwlet syrlaryndan ybarat bolan maglumatlary özünde saklaýan kodlaşdyrylmadyk görnüşindäki habary bermek gadagandyr.
3. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan radiomonitoringiň amala aşyrylmagy radioaragatnaşygyň syrlylygynyň bozulmagy diýlip hasap edilmeýär.
4. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara toparyň rugsady bolmazdan, ýaşyryn radiohabarlary olaryň kömegi bilen berip, kabul edip, şifrläp ýa-da şifri açyp bolýan radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary saklamak gadagandyr.
15-nji madda. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna abanýan howp baradaky habarlaryň ileri tutulmagy
1. Radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar ýerde, suwda, howada, älem giňişliginde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna abanýan howp baradaky, Türkmenistanda goranmak, howpsuzlyk we hukuk tertibini goramak babatdaky gaýragoýulmasyz çäreler hakyndaky ähli habarlaryň, şeýle hem uly heläkçilikler, weýrançylyklar, epidemiýalar, epizootiýalar we tebigy betbagtçylyklar hakyndaky habarlaryň aňrybaş ileri tutulyp berilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Radioelektron serişdelerine we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlara eýelik ediji ýa-da olary peýdalanyjy howp ýa-da kömek signaly kabul edilenden soň ýagdaýa laýyk hereketlere girişmäge borçludyr. Eger radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň işi howp ýa-da kömek signalyny bermek ýa-da kabul etmek üçin päsgelçilik bolup durýan bolsa, onda radioelektron serişdeleriniň we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlaryň eýesi ýa-da olary peýdalanyjy haýal etmän olaryň işini togtatmaga borçludyr.
16-njy madda. Habar bermegiň usullary we tärleri
Habar bermegiň usullary we tärleri hem-de olary durmuşa geçirmegiň ýollary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr hem-de Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň, radioýygylyk spektrini peýdalanmak arkaly, telekommunikasiýanyň dünýä toruna goşulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesiniň maslahatlaryna laýyk gelmelidir.
17-nji madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy hakyndaky maglumaty bermek
Radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan bellenilýän tertipde, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak şertnamasyna laýyklykda, berlen radioýygylyklaryň (radioýygylyk zolaklarynyň) peýdalanylyşy hakyndaky maglumaty berýärler.
18-nji madda. Elektromagnit utgaşmasy boýunça talaplar
1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary peýdalanyjylaryň ählisi tarapyndan radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagy elektromagnit utgaşdyrylyşynyň pugta üpjün edilmeginde amala aşyrylmalydyr, olaryň tehniki häsiýetnamalary bolsa Türkmenistanyň çäginde hereket edýän bellenen ülňülere we tehniki kadalara laýyk gelmelidir.
2. Radioelektron serişdeleriniň elektromagnit utgaşmasyna, olaryň ölçeg möçberleriniň ülňülere we tehniki kadalara laýyk gelşine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar bilen bilelikde amala aşyrylýar.
3. Peýdalanyjylaryň täze döredilýän tehniki serişdeleri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlar bilen elektromagnit utgaşmasyny üpjün etmelidir.
IV BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINI PEÝDALANMAK HUKUGYNYŇ ÇÄKLENDIRILMEGI, TOGTADYLMAGY WE BES EDILMEGI
19-njy madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugynyň çäklendirilmegi we togtadylmagy
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar döwlet ähmiýetli çäreler geçirilýän döwründe radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugyny çäklendirmäge ýa-da togtatmaga haklydyr.
2. Döwletiň goranmak, milli howpsuzlyk we hukuk tertibiniň maksatlary üçin berlen radioýygylyklary peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylyp çäklendirilip, togtadylyp ýa-da bes edilip bilner.
3. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan şu halatlarda çäklendirilip ýa-da togtadylyp bilner:
1) radioýygylyklary peýdalanmaga rugsadyň ýa-da şertnamanyň şertleri bozulanda;
2) radioýygylyk spektriniň peýdalanylandygy üçin töleg öz wagtynda tölenilmese.
20-nji madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi
1. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugy şu halatlarda bes edilýär:
1) raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, döwletiň ykdysady bähbitlerine zeper ýetirilende;
2) radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň peýdalanylmagyndan ilatyň janynyň ýa-da saglygynyň howpsuzlygyna hakyky howp dörände;
3) radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary peýdalanmak arkaly daşky gurşawyň ýagdaýyna zyýan ýetirilende;
4) radioýygylyklary peýdalanmaga rugsadyň ýa-da şertnamanyň hereket ediş möhleti tamamlananda;
5) şu Kanunda we aragatnaşyk işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen talaplar, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak şertnamasynyň şertleri berjaý edilmese;
6) berkidilen radioýygylyklardan ýüz dönderilende;
7) ýuridik şahs ýatyrylanda ýa-da fiziki şahsyň işi bes edilende.
2. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak hukugyny bes etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan kesgitlenilýär.
21-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlar dörän mahalynda peýdalanyjylaryň radioelektron serişdelerini ulanmak
1. Adatdan daşary ýagdaýlar dörän mahalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar peýdalanyjylaryň radioelektron serişdeleriniň ulanylmagyna çäklendirmeler girizmäge, şeýle hem döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek, adatdan daşary ýagdaýlary ýa-da olaryň netijelerini ýok etmek maksady bilen, bu serişdeleri ulanmaga haklydyr.
2. Radioaragatnaşyk ulgamlary şahsyýetiň kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän maksatlar üçin peýdalanylanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar radioýygylyk spektrini peýdalanyjylaryň işini, islendik terminal serişdeleriň we bu ulgamlaryň Türkmenistanyň çägindäki ýerüsti beketleriniň işini hem togtatmaga, şeýle hem hemra aragatnaşygynyň kosmos apparatlarynyň Türkmenistanyň çägine şöhlelenmegine çäklendirme girizmäge haklydyr.
V BAP. RADIOPÄSGELÇILIKLERI ÝÜZE ÇYKARMAK WE ARADAN AÝYRMAK
22-nji madda. Radiopäsgelçilikleriň çeşmesiniň ýerleşýän ýerini agtarmak we anyklamak
Teleradioýaýradyşy we radioaragatnaşygy kabul etmäge päsgel berýän tehniki serişdeleriň — radiopäsgelçilikleriň çeşmeleriniň ýerleşýän ýerini agtarmak we anyklamak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
Degişli halatlarda radiopäsgelçilikleriň çeşmelerini agtarmak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we (ýa-da) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekillerinden ybarat dessin-agtaryş topary tarapyndan geçirilýär.
23-nji madda. Radiopäsgelçilikleri aradan aýyrmak
1. Eger radiotolkunlary kabul etmekde päsgelçilikler ýuridik şahsa degişli bolan tehniki serişde arkaly döredilse, onda radiopäsgelçilikleriň çeşmesiniň eýesine radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam tarapyndan radiopäsgelçilikleri aradan aýyrmak, tehniki serişdäni döwrebaplaşdyrmak ýa-da çalşyrmak barada tabşyryknama berilýär.
Ýuridik şahs bellenen möhletde tabşyryknamany ýerine ýetirmedik halatynda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam radiopäsgelçilikleriň çeşmesiniň işini togtadýar we administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamany resmileşdirýär.
2. Eger radiotolkunlary kabul etmekde päsgelçilikler şahsy eýeçilik hukugynda fiziki şahsa degişli bolan tehniki serişde arkaly döredilse, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam tarapyndan onuň eýesine onuň işini (ulanylyşyny) togtatmak bilen, radiopäsgelçilikleri aradan aýyrmagyň zerurdygy hakynda tabşyryknama berilýär we abatlamak ýa-da radiopäsgelçilikleriň çeşmesi bolan tehniki serişdäni çalşyrmak maslahat berilýär.
Zerur abatlamagy geçirmekden ýa-da radiopäsgelçilikleriň çeşmesi bolan tehniki serişdäni çalşyrmakdan boýun gaçyrylan halatynda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamany resmileşdirýär.
3. Wezipeleri we işi ilatyň ýaşaýşyna, saglygyny goramaga gönükdirilen tehniki serişdeleriň — radiopäsgelçilikleriň çeşmeleriniň (ýerüsti şäher we demir ýol elektroulaglary, elektrik geçiriji liniýalar, elektrik beketleri we beýlekiler) işini (ulanylyşyny) togtatmaga ýol berilmeýär.
4. Radiopäsgelçilikleriň çeşmesi bolan tehniki serişdedäki radiotolkunlary kabul etmäge päsgelçilikler aradan aýrylandan soň, ony ulanyşa girizmek radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamyň rugsady esasynda amala aşyrylýar.
VI BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINIŇ PEÝDALANYLYŞYNA DÖWLET GÖZEGÇILIGI
24-nji madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak
1. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň esasy wezipeleri şulardyr:
1) Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini netijeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
2) şu Kanunyň we Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek;
3) Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna tehniki radiogözegçiligi amala aşyrmak;
4) Türkmenistanyň çäginde radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary bellenen tertipde hasaba almak we hasapdan aýyrmak;
5) Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin niýetlenilen radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň işçi ýygylyklarynyň, çagyryş signallarynyň niýetlenilişini we hasaba alnyşyny barlamak;
6) radioýygylygy berkitmegiň awtomatlaşdyrylan maglumatlar gorunyň ulgamyny we elektromagnit utgaşmasynyň hasabyny ýöretmek we yzygiderli kämilleşdirmek.
25-nji madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar şulardyr:
1) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň ýolbaşçysy, ol şol bir wagtda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet gözegçisi bolup durýar;
2) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň welaýat, etrap we şäher bölümleriniň (bölümçeleriniň) ýolbaşçylary, olar şol bir wagtda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça baş döwlet gözegçileridir.
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan we şol bir wagtda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gözegçileri bolup durýan beýleki wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy hakyndaky Düzgünnama bilen bellenilýär.
26-njy madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça baş döwlet gözegçileriniň we döwlet gözegçileriniň ygtyýarlylyklary
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet gözegçisi, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet gözegçileri, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gözegçileri gulluk şahadatnamalaryny görkezmek bilen şu ygtyýarlyklara eýedirler:
1) radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan bellenen talaplara laýyklygyna, şeýle hem olary öndürmek, getirmek, olaryň söwdasy ýa-da olary ulanmak üçin rugsadyň barlygyna barlagy amala aşyrmaga;
2) radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi, şeýle hem degişli rugsadyň ýokdugy ýüze çykarylan halatynda radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň eýelerine administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge;
3) döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu Kanunyň, radioaragatnaşyk babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;
4) şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyklykda beýleki ygtyýarlylyklary amala aşyrmaga.
27-nji madda. Radioýygylyk spektriniň monitoringi (radiomonitoring)
1. Radiomonitoring Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Radioýygylyk spektriniň monitoringini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan bellenilýär.
28-nji madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik amala aşyrylanda radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň eýelerine ýa-da peýdalanyjylaryna bildirilýän talaplar
1. Radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň eýesi ýa-da peýdalanyjysy radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamy radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň tehniki ýagdaýyny we ulanylyşyny olaryň ulanylýan ýerinde barlamak üçin goýbermäge borçludyr.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň eýesi ýa-da peýdalanyjysy dessin-agtaryş çärelerini ýa-da derňew hereketlerini amala aşyrýan wezipeli adamlary radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ulanylyşyna barlag geçirmek üçin goýbermäge, şeýle hem radioaragatnaşygyň guralyşy hakyndaky maglumaty bermäge borçludyr.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
29-njy madda. Jedelleri çözmek
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
30-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
31-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) 2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 15-nji madda);
2) 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda kabul edilen «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 49-njy madda).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.